Portugaliýanyň futbol ýygyndysy Kataryň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Portugaliýada oýnalan oýunda ýer eýeleri 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Kristiano Ronaldo milli ýygyndyda 181-nji gezek çykyş etdi. Şeýlelikde, ol bu ugurda Serhio Ramosdan öňe saýlanyp, Ýewropada iň köp milli ýygyndyda oýnan futbolçy boldy. Duşuşykda toparynyň birinji goluny geçiren Ronaldo milli ýygyndydaky 112-nji goluny geçirip, özüniň rekordyny ösdürdi. Ronaldo şu ýylyň dowamynda milli toparda 11 oýunda 10 gol geçirdi. Duşuşykda Portugaliýanyň beýleki gollaryny Hoze Fonte (48) bilen Andre Silwa (90) derwezä girizdi.