“AppHarvest” şereketi ABŞ-nyň Kentukki ştatynda ýurduň iň uly ýyladyşhanasyny gurdy. Bu ýerde oba hojalygyndaky iň soňky tehnologiýadan peýdalanylýar. Ösdürilip ýetişdirilen hasyl emeli aň arkaly ýygnalýar. Apalaş daglarynyň eteklerindäki Morehäd atly şäherçede gurlan ýyladyşhanadaky tehnologiýa suwy 90 göterime çenli tygşytlamaga mümkinçilik beripdir. Bu ýerde her ýylda 2 million tonna pomidor hasyly alynýar.
“AppHarvest” şereketiniň ýolbaşçysy Jonatan Webb geljekde azyk zerurlygyny üpjün etmegiň iň gowy çözgüdiniň emeli aň tehnologiýasydygyny belleýär. Webb az çeşme ulanmak arkaly has köp hasyly almagy öwrenmeli bolýandyklaryny belledi. Geçen ýyl 240 müň kwadrat metr meýdanda gurlan ýyladyşhanadaky hasyl adatdakydan 30 esse köp bolupdyr. Bu ýerde ýagtylyk, ýylylyk we hasyl gözegçilikde saklanýar. Tebigy ýagtylyk bilen bir hatarda LED çyralardan hem peýdalanylýar. Şeýle hem topraksyz hasyl üçin ösümlikleriň iýmiti we suwy özüne çekmegi üçin şert döredilipdir. Desgada 300 sensor hem-de emeli aň tehnologiýasy bilen 700 müň ösümlikden maglumat toplanypdyr. Bu ýerde gerekli mukdarda suwuň hem-de iýmitiň ösümlige ýetmegini uzak aralykdan dolandyryp bolýan ulgam döredilipdir. Robotlar bişen miweleri “eliendäki” gaýçy bilen kesip alýar.