11-nji oktýabrda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Wiktoriýa Nuland Russiýanyň resmi ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirmek maksady bilen Moskwa geldi.

-ABŞ bilen Russiýanyň gatnaşyklary durnukly we öňünden kesgitlenen – diýip, Jozef Baýdeniň administrasiýasynyň ýanyndaky döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoriýa Nuland Moskwa saparynyň maksadyny mälim etdi.

Nulandyň Russiýa saparynyň 13-nji oktýabra çenli dowam etjekdigini habar berilýär. Nuland Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, Russiýa Federasiýasynyň Halkara meseleleri boýunça Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow, şeýle-de Prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Dmitriý Kozak bilen duşuşygy meýilleşdirilip, gün tertibinde halkara we sebit meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Nuland ozalky sowet ýurtlary boýunça  ABŞ-nyň esasy hünärmenlerinden biridir.