Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagyndan ýene bir ýygyndy Katar 2022-ä gatnaşmaga hukuk gazandy. “F” toparçada Daniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Awstriýany 53-nji minutda Maeleniň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Bu ýeňişden soň Daniýanyň ýygyndysy utugyny 24-e çykaryp, Germaniýadan soň Katar 2022-de çykyş etmäge hukuk gazanan ikinji ýygyndy boldy. Daniýanyň ýygyndysy toparçada oýnan 8 duşuşygyň ählisinde-de ýeňiş gazanyp, derwezesinden ýeke gol hem geçirtmedi. Datçanlar şol 8 oýunda 27 gol geçirip, bu babatda 29 gol geçiren Niderlandlardan soň ikinji ýerde barýar. EURO 2020-niň başarnykly toparlaryndan Daniýanyň ýygyndysy 6-njy gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder.

Toparçada soňky minutlarda Farer adalaryny 1-0 ýeňen Şotlandiýa ikinji ýeri eýeleýär.