Dünýä futbolynyň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo oýnan her duşuşygynda diýen ýaly täze rekord goýýar ýa-da täze rekorda golaýlaýar. Depeni gol bolýan super ýyldyz Portugaliýanyň Lýuksemburgy 5-0 ýeňen duşuşygynda birnäçe görkezijilerini ýokarlandyrdy, rekord goýdy.

Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda “A” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Lýuksemburgy 5-0 hasabynda ýeňdi. Eýýäm 16 minutda 3 gol geçiren Portugaliýanyň gollaryny Kristiano Ronaldo (3), Bruno Fernandeş hem-de Palhinýa derwezä girizdi. Ilkinji ikisi penaltiden – 8-nji, 13-nji hem-de 87-nji minutlarda tapawutlanan super ýyldyz Ronaldo milli ýygyndydaky gollarynyň sany 115-e ýetdi. Karýerasyndaky 58-nji, milli topardaky 10-njy het-trigini eden Ronaldo Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda-da 36 gol geçirdi. Ol bu ugurda gwatemalaly Karlos Ruisiň rekordyna golaýlady (39). Milli ýygyndylaryň iň köp gol geçiren futbolçysy rekordyny ösdüren Ronaldo milli ýygyndylarda iň köp het-trik eden futbolçy boldy. Şeýle-de onuň Lýuksemburgyň derwezesinden geçiren gollarynyň sany 9-a ýetdi. Lýuksemburg Ronaldonyň iň köp gol geçiren ýygyndysydyr. Üç gün ozal Katar bilen bolan duşuşykda hem tapawutlanan Ronaldo şu wagta çenli 46 ýygyndynyň derwezesinden gol geçirip, bu görkeziji rekorda deňdir. Milli topardaky 182-nji oýnuny oýnan Ronaldonyň 2021-nji ýyl üçin milli toparda geçiren goly 11 oýunda 13 boldy.