Hytaýyň eksporty sentýabr aýynda geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 28,1 artyp, 305,7 milliard dollara ýetdi. Soňky günlerde ýurtda islegiň ýokarlanmagy netijesinde energiýanyň bahasy artdy. Şeýle hem aşa köp isleg netijesinde käbir zawod-fabriklerde elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi zerarly önümçilik togtadyldy. Muňa garamazdan, ýurduň eksportynda ýokary ösüş hasaba alyndy. Bilermenler eksportyň 21,5 göterim bolmagyna garaşýardylar. Degişli döwürde import 17,6 göterim azaldy. Şeýlelikde ýurduň daşary söwda saldosy 66,8 milliard dollar boldy.