«Boeing» kompaniýasy golaýda Dubaýda meýilleşdirilýän awiasergide “777X” uçarynyň ýük daşamaga niýetlenen görnüşini köpçülige hödürlär. «Bloomberg» neşiriniň habaryna görä, kompaniýa «Qatar Airways» we beýleki alyjylar bilen eýýäm gepleşik geçirýär. Bu şertnama Katar tarapyndan sargyt edilen 60 sany 777X ýolagçy uçarynyň käbirini ýük görnüşine öwürmek üçin mümkinçilikleri we hukuklary öz içine alýar. Mundan başga-da habarda «Boeing»-iň «FedEx», «Deutsche Lufthansa», «Singapore Airlines», şeýle hem DHL ýaly iri kompaniýalar bilen şertnama baglanyşmak üçin tagalla edýändigi barada hem aýratyn bellenilip geçildi.

 

Elnar Guljagazowa,

Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.