Möwsümiň birinji Uly tuwulga ýaryşy Awstraliýa Açyga ATP sanawynyň birinjisi serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç gatnaşman biler. Sebäbi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň geçiriljek welaýaty Wiktoriýanyň ýolbaşçylary ýaryşa degişli ähli kişiniň sanjym almalydyklaryny şert goýýar. Ozaldanam mälim bolşy ýaly, Jokowiç bolsa “Covid 19” sanjymyna garşydygyny we sanjym bolmakçy däldigini beýan Jokowiç hem-de sanjymdan ýüz öwürýän tennisçileriň hiç biri eger-de sanjym almadyklar üçin ýörite düzgünnama girizilmese, onda olar möwsümiň ilkinji Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşyp bilmezler.

Serbiýaly Jokowiç erkekleriň arasynda Awstraliýa Açykda iň köp çempion bolan tennisçi bolup, ol Melburnda geçirilýän bu bäsleşikde 9 gezek kubogy eýeledi. Jokowiç soňky 3 ýyldan bäri Awstraliýa Açykda çempionlyk gazanyp gelýär.