Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky sanawyň 1-nji belgilisi, belarusly Aryna Sabalenka Germaniýanyň Ştutgart şäherinde geçirilýän WTA 500 ýaryşynyň finalynda utulypdy. Bu gezek latwiýaly Ýelena Ostapenkodan asgyn gelen Sabalenka finalda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar bolup, ýene-de çempionlygyň baýragy bolan “Porsche” ulagyny alyp bilmedi. Germaniýanyň meşhur brendiniň hemaýatkärliginde geçirilýän bu ýaryşda ýeňijä 2006-njy ýyldan bäri pul baýragy bilen bilelikde “Porsche” ulagy hem berlip gelinýär.

Sabalenka bolsa eýýäm 4-nji gezek şol arzyly ulagyň deňinden geçip gaýtdy. 2021-nji ýylda awstraliýaly Eşli Bartiden asgyn gelen Sabalenka, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda-da polşaly Iga Şwentekden ýeňlip, bassyr 3-nji gezek finalda utulypdy. Soňky 5 ýylda 4-nji gezek finalda garşydaşlaryndan asgyn gelen Sabalenka: –Garaşýan netijäm däldi, ştutgartlylaryň goldawy üçin olara köp sag bolsun aýdýaryn, ýene-de bu ýere dolanaryn – diýip belläp geçdi.

Maý aýynyň 5-inde 27 ýaşyna gadam basjak Sabalenka häzirlikçe Porsche ulagyny ýaryşdan alyp bilmese-de, öz puly bilen satyn aldy. Golaýda ol “Porsche”-niň 911 GT3 RS görnüşiniň mämişi reňkdäkisini sargyt edendigini habar berdi. Ol häzirlikçe ýeňip alyp bolmady, finalda utulyp ýadadym we ahyrynda-da satyn almagy makul bildim diýip, beýanat berdi.

245-250 müň dollarlyk bahasy bolan täze awtoulag ýakynda Sabalenka gelip gowşar.

Ştutgart tennis ýaryşynda “Porsche” ulagy berlip başlanany bäri Mariýa Şarapowa 3, Žustin Enin-Arden 2, Anjelika Kerber 2, Iga Şwentek 2 gezek ýeňiji boldy.