1977-nji ýylda oýlanyp tapylan Rubigiň kubjagazy 40 ýyldan gowrak wagtdan bäri ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu oýnawajy, has dogrusy tapmaçany çözmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Wengriýaly professor Erno Rubigiň 1970-nji ýyllaryň ortalarynda okuw esbaby hökmünde oýlap tapan zady gysga wagtda iň halanýan oýnawaçlaryň birine öwrülipdir. Bu oýnawajyň jemi 54 öýjügi bar. Rubigiň kubjagazyny çözmek üçin onuň her ýüzüne 9 sany biri-biri bilen meňzeş reňkli öýjügi getirmeli. Tapmaça çözülenden soňra oýnawajyň her tarapy başga bir reňkde bolýar.
Ýönekeý ýaly bolup görünse-de, bu kubjagazyň ýüzündäki reňkli öýjükleriň ýerini 43 kwintilliondan (43,252,003,274,489,856,000) gowrak görnüşde üýtgedip bolýar.
Iki ýyldan bir gezek bu tapmaçany çözmäge degişli halkara ýaryşlar geçirilýär. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşýarlar. Her gezekki ýaryşda täze rekordlar hasaba alynýar. Bu ugurdaky soňky rekord hytaýly Ýuşeng Duwa degişli. Ýuşeng Rubigiň kubjagazyny 3,47 sekuntda çözüp boldy. Ozalky rekord 0,75 sekunt tapawut bilen awstraliýaly Feliks Zemdegse degişlidi.
Şeýle-de bolsa, Zemdegs bu täsin tapmaçany bir elde çözmekdäki rekordyň eýesi bolmagynda galýar. Ol bary-ýogy 6,88 sekuntda bir eli bilen kubjagazy düzmegi başarýar.
Polşaly Jakub Kiba kubjagazy aýaklary bilen düzmekde rekordyň eýesi. Munuň üçin Kiba 20,57 sekunt ýeterlik.
Rubigiň kubjagazyny çözmekde robotlar adamlardan has çalasyn hereket edýärler. Bu ugurdaky soňky rekord 0,38 sekunt. Ol şeýle bir çalt welin, göz bilen görüp bolmaýar.
Näçe çylşyrymly ýagdaýda goýlan hem bolsa, Rubigiň kubjagazyny 26 göçümde çözüp bolýar.
Adatça 3×3×3 görnüşinde hem bolsa, bu tapmaçanyň 2×2×2, 4×4×4, 5×5×5, 6×6×6 we 7×7×7 görnüşleri hem bar.
Bulardan başga-da, aňyňy kämilleşdirýän bu oýnawajyň kiçi ýaşly çagalara niýetlenen sanlar, harplar ýa-da başga şekiller bilen bezelen görnüşleri, şeýle-de bu oýnawajyň piramida görnüşi bar. Onuň dört tarapy bolýar.
Häzire çenli bu oýnawaçdan millionlarçasy satyldy.
Bu tapmaçany çözmek üçin oýnawajyň ýany bilen ýörite karta ýa-da aýratynlykda satylýan kitapçalar hem bar. Kubjagazyň reňkleri çözülenden soňra gyzyl-narynç, sary-ak we gök-ýaşyl görnüşde bolýar.
Rubik kubjagazyny gysga wagtda çözmek üçin ilkinji bäsleşik 1982-nji ýylda Budapeştde geçirilýär. ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinden gatnaşan wýetnamly Minh Tai tapmaçany 22,95 sekuntda çözüp, ýeňiji bolýar. Häzirki wagtda has gysga wagtda çözülýän bu tapmaçany gözüňi daňyp çözmek, suwuň aşagynda demiňi saklap çözmek, bir eliň bilen çözmek ýaly başgaça görnüşleri hem geçirilýär.