Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Suesýanyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, düýn (16-njy aprel) hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Şonuň netijesinde «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu tapgyrda 30-a golaý guýunyň burawlanmagy meýilleşdirilýär.
Dabarada ilkinji burawlanjak guýunyň işine ak pata berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Suesýan täze tapgyryň düýbüni tutup, iri gaz taslamasyna badalga berdi.