XVII asyra degişli täze tapylan kartalar dünýä belli dramaturg William Şekspiriň Londonda ýaşan öýüniň anyk ýerini we gurluşyny ýüze çykardy. Londonyň Korollyk kollejiniň professory Lýusi Manronyň arhiw barlaglary netijesinde, ýazyjynyň 1613-nji ýylda satyn alan ýeke-täk jaýynyň anyk ölçegleri we ýerleşýän nokady ilkinji gezek tassyklanyldy. Bu açyş dramaturgynyň ömrüniň soňky ýyllarynda Londonda köp wagt ýaşandygyny we «Genrih VIII» ýaly soňky eserlerini hut şu ýerde ýazan bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
London arhiwinden tapylan üç sany resminama esasynda ýüze çykarylan bu jaý «L» görnüşli bolup, ol ozalky dominikan monastyrynyň ýerinde – Blekfraýars etrabynda ýerleşipdir. Täze maglumatlar häzirki wagtda “St. Andrews Hill” köçesinde Şekspiriň hatyrasyna goýlan gök reňkli ýadygärlik tagtanyň duran nokadynda onuň jaýynyň ýerleşendigini subut etdi. Bu ýer ýazyjynyň işlän «Blekfraýars» teatryndan bary-ýogy bäş minutlyk pyýada ýolda ýerleşýär.
Şekspir bu jaýy satyn alandan üç ýyl soň, 1616-njy ýylda 52 ýaşynda dogduk mekani Stratfordin-Eýwonda aradan çykýar. Onuň Londondaky mülki bolsa 1665-nji ýylda agtygy tarapyndan satylýar. Şekspiriň bu jaýda özi ýaşadymy ýa-da ony kärendesine berdimi diňe çaklama bolup galsa-da, täze tapyndylar Beýik Britaniýanyň paýtagtynda dramaturgyň yzlaryny anyklamakda iň uly ädimleriň biri boldy.