Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. «Döwlet – adam üçindir!» şygary ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalar, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalar gurulýar.
Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Şoňa görä-de, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrylýar.
Geçen hepde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýene-de bir möhüm ugra ünsi çekdi. Ol hem ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini bellemegidir. Her ýyl ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet haky yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şu gezekki resminamada hem iň pes aýlyk zähmet hakyny 1050 manat möçberde bellemek göz öňünde tutulypdyr.
Ýurdumyzda adam hakynda alada esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek üçin, ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar ösüp-ulalmagy ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Olar üçin döwlet kömek pullary bellenýär. Çaga doglanda, 3 ýaşa ýetýänçä oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar.
Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş maksatly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň netijesinde, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hasabyndan eýýäm ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglary berildi, şeýle hem paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölünip berilýär.
Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin mekdebe çenli bilim beriş edaralaryndan başlap, tä ýokary bilim edaralaryna çenli döwrebap bilim we terbiýe bermek işiniň häzirki zaman usullaryna görä alnyp barylmagy ugrunda tagallalar edilýär. Bu bilim edaralary döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylýar, her ýyl mekdep okuwçylaryna 1-nji synpa baranlarynda döwrebap kompýuterler berilýär. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ýokary bilim almagy ugrunda täze ýokary bilim ojaklary yzygiderli gurlup, täze hünärler döredilýär.
Bulardan başga-da, türkmen ýaşlarynyň hem-de ilatymyzyň iş üpjünligine hem uly üns berilýär. Täze iş orunlaryny döretmek Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi döwrebap derejede ösdürmek bilen bir hatarda bu döwürde täze iş orunlarynyň on müňlerçesini döretmek göz öňünde tutulýar.
Ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen her ýyl Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilmegi milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Jamal MANAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.