Şu ýyl ýurdumyz Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýär. Şeýle ajaýyp ýylda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzy diýseň buýsandyrýar.
Dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüijilikli ykdysady strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýubileý ýylymyzda hem oňat görkezijilere eýe bolýar. Muňa 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ykdysady görkezijiler hem aýdyň subutnamadyr.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolmagy, daşary haryt dolanyşygynyň 12,3 göterim artyp, 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolmagy, eksportyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterime golaý artyp, 6 milliard amerikan dollaryna golaýlamagy ykdysadyýetimizde sazlaşykly ösüşiň dowam edýändiginiň esasy görkezijileridir. Şolaryň hatarynda iň esasy zat bolsa, eksportyň möçberiniň, ýangyç-energetika serişdelerini hasaba almazdan, 50 göterime golaý artmagydyr.
Bu hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyndan habar berýär.
Döwlet we hususy pudagyň özara sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň netijesinde, «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly milli önümlerimiziň sanawy hem-de gerimi barha giňeýär. Döwlet tarapyndan hususy pudaga berilýän ählumumy goldawlar eksportyň möçberiniň yzygiderli artmagyna ýardam berýär. Türkmen telekeçileriniň önümçilikleri döwrebap derejede ýola goýlup, olara öndürilýän gök we bakja önümleri, süýji-köke önümleri we senagat maksatly harytlar diňe bir biziň ýurdumyzyň bazarlarynda däl, eýsem, daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegli harytlara öwrülip barýar.
Mundan başga-da, ýubileý ýylymyzda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda 30 iri desgany durmuşa ornaşdyrmak maksat edinilipdi. Ýöne yhlasly hem-de tutanýerli zähmetiň netijesinde, şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý durmuş-medeni maksatly binalar, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygynyň dowam edýändigi buýsandyryjy wakadyr. Şeýle iri gurluşyklaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň esasy görkezijisidir.
Ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygynda hem oňyn özgertmeler maksatnamalary durmuşa ornaşdyrylýar. Şu ýyl ýurdumyzda gallanyň oňat hem-de bol hasyly ýygnaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýetişdirilip, soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dokuz aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan netijeler oňyn özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýandygyna doly şaýatlyk edýär. Bu oňyn netijeleriň milli Liderimiz tarapyndan oýlanyşykly durmuşa geçirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolýandygy guwandyryjydyr.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.