Garaşsyzlyk dünýäniň syýasy kartasynda täze bir döwletiň peýda bolmagy bilen çäklenenok. Özbaşdaklygyny yglan eden döwlet ähli babatda garaşsyzlygyny ykrar etdirmeli. Öz ösüş ýoly, öz syýasy ugry, öz dili, milli nyşanlary, öz milli puly bolmaly. Bu sananlarymyz we ýene-de sanawa goşaýmaly köp sanly aýratynlyklarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda durmuşa geçirildi.
Garaşsyz döwletiň ykdysady ösüşlerinde karz edaralarynyň döredilmegine we olaryň işini döwrebap alyp barmaga uly orun degişlidir. Geçen 30 ýylyň içinde biziň ýurdumyzda hem karz edaralarynyň – banklaryň birnäçesi döredildi. Şolaryň arasynda 1995-nji ýylyň 10-njy martynda düýbi tutulan Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem bar.
Bu bank, esasan, ýurdumyzyň oba hojalygyny maddy taýdan goldamak maksady bilen döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň agramly bölegi bu bankyň müşderileridir.
Aslynda, ýurdumyzyň taryhynda oba hojalyk pudagy bilen giňden meşgullanan we pudaga hyzmat edýän banklaryň birnäçesi hereket edipdir. Olaryň hatarynda 1923-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen Orta Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Poltorask agentligi we 1925-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan 1-nji oktýabry aralygynda hereket eden Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Türkmen agentligi hem bar.
Häzirki «Daýhanbankyň» asly hökmünde bolsa 1987-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda döredilen Agrosenagat banky görkezilýär. «Daýhanbank» şu bankyň binýadynda döredildi.
Dürli ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilen özgertmeler «Daýhanbankyň» hem işiniň kämilleşdirilmegine ýol açdy. Döredilen ilkinji günlerinde bank müşderilerine «Daýhanyň hasaplaşyk kitapçasy» aty resminama arkaly hyzmat eden bolsa, häzir hyzmatlar dolulygyna diýen ýaly sanlylaşdyryldy. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda müşderilerine «Altyn asyr» bank kartlary arkaly hyzmat edip başlady.
Häzirki wagtda bank tarapyndan müşderilere hödürlenilýän amatly goýumlaryň sany 10-dan geçýär. Olaryň arasynda «Talap edilýänçä» (çäklendirilmedik möhletde, çäklendirilmedik wagtda), «Gadamy beýik gahryman» (Beýik Watançylyk urşuna ýa-da owgan urşuna gatnaşanlar üçin ýyllyk 11 göterim), «Gojalara hemaýat» (pensiýadaky raýatlar üçin, ýyllyk 9 göterim), «Galkynan daýhan» (raýatlar, daýhanlar üçin ýyllyk 10 göterim), «Möhletli» (ýyllyk 8 göterim) ýaly has bähbitli goýumlar hem bar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Altyn asyr», «Goýum bank karty» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň möçberi 2 göterim möçberinde ýokarlandyryldy.
Soňky ýyllarda işi has-da kämilleşdirilen bankymyz diňe bir oba hojalykçylara hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki watandaşlarymyza hem giň hyzmatlaryny hödürleýär. Mysal üçin, «Rowaçlyk» goýumyndan islendik watandaşymyz peýdalanyp, perzentleriniň geljegini kepillendirip biler. Bu goýum arkaly perzendiňiz üçin goýan serişdäňiz 18 ýaşaýança bank tarapyndan saklanylyp, 12 göterim artdyrylan görnüşinde perzendiňize gaýtarylyp berilýär.
Şeýle hem bank tarapyndan şahsy seýfleriň kärendesine berilýändigini hem ýatladýarys. Bu seýfleriň öýjükleri gymmat bahaly zatlary, şaý-sepleri we resminamalary saklamak üçin iň ygtybarly ýerdir.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän karzlar bolsa, esasan, üç ugra – şahsy taraplara, hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara niýetlenilendir. Bank şu ugurlar boýunça müşderilerine ýeňillikli karz hyzmatlarynyň 20-ä golaýyny hödürleýär.
Türkmen oba hojalykçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Olary maddy taýdan goldamak we höweslendirmek bolsa Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň esasy wezipesidir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alada edýän, ösen tehnologiýalary ulanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Altyn Durdyýewa,
Türkmenisanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.