Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär.
Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalary raýatlaryň ömür dowamlylygynyň artmagyna, saglygynyň berkidilmegine, keselleriň öňüniň alynmagyna, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamynyň kemala gelmegine şert döredýär. Şonuň bilen baglylykda, bu gün berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri dabaralanýar, ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär.
Her ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de ýakyndan goldaw bermeginde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 13-nji jildi çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, hormatly Prezidentimiziň bu kitaby saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Bu kitap diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky, galyberse-de, dünýä jemgyýetçiligi üçin örän uly gollanma hem-de ähmiýetli kitap bolup durýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.
Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesiniň ýerleşdirilmegi dürli derejedäki adamlar üçin gymmatly maglumat gory bolup durýar.
Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.
Umuman alanyňda, hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan – melhemler mekany», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Çaý – melhem hem ylham», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplary okyjylar hem-de bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin gymmatly çeşme bolup durýar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi sahawatly topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri beýan edilýän gymmatly eserdir.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Meňli BERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.