Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda 150 ýurt Bütindünýä azyk gününi giňden belleýär. Her ýylyň 16-njy oktýabrynda bellenýän Bütindünýä azyk güni azyk önümlerini isrip etmezlik, her bir iýmitiň nähili ýollardan geçip gelýändiginden habarly bolmak üçin bellenilýär. Oba hojalyk we azyk pudagynda 1 milliard adam zähmet çekýär. Şonuň üçin iýmit pudagyny ösdürmek hem-de sagdyn iýmitleriň önümçiligini ýola goýmak möhüm bolup durýar. Sebäbi, 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň 10 milliarda ýetjekdigi çaklanylýar. Birleşen Milletler Guramasy azyk önümçiligi babatda möhüm işleri alyp barýar.
Merjen DURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.