Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Kantar” şereketi dünýäniň iň gymmat 100 brendini mälim etdi. Geçen ýyl dünýäde emele gelen pandemiýa garamazdan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň umumy gymmaty 42 göterim ýokarlanypdyr. Bu kompaniýalaryň gymmaty 275 göterim ýokarlanyp, 7 trillion dollara ýetipdir. Sanawyň başyny ABŞ-nyň elektron söwda kompaniýasy “Amazon” eýeleýär. Kompaniýa bu sanawda üçünji gezek bu orna mynasyp boldy. 1994-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýanyň gymmatynyň 683,85 milliard dollardygy mälim edildi. Ilon Maskyň eýeçilik edýän “Tesla kompaniýasy bolsa gymmaty iň köp artan brend hökmünde sanawa adyny ýazdyrdy.
Sanawda ikinji ýeri “Apple” (612 milliard dollar) eýeleýär. Üçünji ýeri “Google” (458 milliard dollar) eýeläpdir. “Microsoft” (410,27 milliard dollar), “Tencent” (240,93 milliard dollar), “Facebook” (226,74 milliard dollar), “Alibaba” (196,91 milliard dollar) “Visa” (191,29 milliard dollar), “McDonal’s” (154,92 milliard dollar) we “Mastercard” (112,88 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir. Sanawda tehnologiýa kompaniýalary bilen bir hatarda, aragatnaşyk operatorlary, azyk, içimlik, egin-eşik we moda kompaniýalary, töleg ulgamlary, awtoulag öndürijileri we beýleki ugurlarda iş alyp barýan brendler bar.