ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherindäki “Miami Beach Convention Center”-da halkara awtoulag sergisi başlady. 24-nji oktýabrda çenli dowam etjek sergide täze modeller bilen bir hatarda klassyk awtoulaglar hem görkezilýär. Serginiň geçen ýylkysy koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyla süýşürilipdi. “Corvette Stingray” modeli serginiň resmi şou-ulagy hökmünde köpçülige görkezilýär. Bu ulag amerikan awtoulag dizaýnynyň, kuwwatynyň we tehniki ugurtapyjylygynyň simwoly hasaplanýar. Serginiň ýatlamalar geçelgesinde 1953-nji ýylyň “Chevrolet Corvette” modeli görkezilýär.
Sergide “Nissan Z” sport ulagynyň 2023-nji ýyla degişli modeli, “Toyota Corolla Cross SUV”-yň indiki ýylky nusgasy, “Lamborghini”, “McLaren”, “Mercedes” ýaly daşary ýurt brendleri bilen bir hatarda “Mustang”, “Ford” we “Corvette” ýaly ulaglar hem görkezilýär. Serginiň myhmanlary lager jiplerine has köp gyzyklanma bildirýärler.