ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Aýda Wi-Fi (Geçirijisiz baglanyşyk meýdany) tory gurmagy maksat edinýär. Edara munuň üçin Ogaýo ştatyndaky Kliwlend şäherindäki Glenn ylmy-barlag merkezinde işe girişdi. Aslynda bu iş Ýerdäki internet baglanyşygy meselesini çözmek üçin amala aşyrylýar. “Greater Cleveland Partnership” guramasy NASA-dan ýaşaýyş jaýlaryna internet baglanyşygyny oturtmagyň aňsat ýoluny tapmagyny sorapdyr. Ylmy merkeziň “Compass” laboratoriýasynyň başlygy Stiw Oleson Wi-Fi taslamasynyň Ýerde ygtybarly aragatnaşyk toruny gurmakda ähmiýetlidigini belleýär. Oleson şeýle toruň Aýda nähili boljakdygyny bilmek üçin laboratoriýanyň golaýynda iş alyp barandyklaryny aýtdy. Oleson Ýeriň we Aýyň atmosferasynyň başgaçadygyna garamazdan, Aýdaky Wi-Fi tolkunlarynyň Ýerdäki bilen meňzeş bolup biljekdigini belleýär. Oleson Wi-Fi ugrukdyryjylaryny 20 müň töweregi elektrik geçiriji sütünine oturtmagyň internet meseleleriniň çözülmegine kömek edip biljekdiginiň ýüze çykarylandygyny aýdýar. Ugrukdyryjylaryň 100 metrden kiçi aralyklar bilen ýerleşdirilende, 4 adamlyk öýüň sekuntda 7,5 megabit (mbps) internet tizligi bilen üpjün edilip bilinjekdigi anyklandy. Bu işiň NASA-nyň “Artemis” taslamasyna kömek edip biljekdigi bellenilýär. “Artemis” taslamasynyň çäklerinde 2024-nji ýyla çenli astronawtlaryň Aýa iberilmegi göz öňünde tutulýar.