“Apple” kompaniýasynyň mobil enjamlarynyň uly bölegini Taýwanyň “Foxconn” kompaniýasy öndürýär. Kompaniýa soňky wagtlarda awtoulag senagatyna hem aralaşýar. “Akylly” enjamlaryň önümçiligini we önümleriň tehnologiýa çözgütlerini işläp taýýarlaýan “Hon Hai Technology Group” (“Foxconn”) ilkinji elektroulaglaryny taýýarlady. Olar “Model C” ady bilen üýtgedip bolýan awtoulag, sedan görnüşli “Model E” we “Model T” atly awtobus. Ulaglaryň ählisi elekrik energiýasy bilen işleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylary indiki nesile degişli ulaglaryň öndürijisi bolmak isleýändiklerini belleýärler.

Geçen aýyň ahyrynda “Foxconn” elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulaglaryny öndürýän “Lordstown Motors”-yň ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky zawodyny 230 million dollara satyn aljakdygyny mälim edipdi. Taýwan kompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, elektroulag öndüriji “Fisker” bilen bilelikde işlemegi meýilleşdirýär.