Ykdysadyýetiň gülläp ösýän ýerinde ýaşaýyş-durmuş ulgamynda hem görnetin ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasyna laýyklykda öňe tarap ynamly gadam urýar. Milli Liderimiziň halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iri önümçilik hem-de senagat düzümleri peýda bolýar.

«Döw­let adam üçin­dir!» şy­ga­ry­ny ýö­rel­ge edi­nen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.
Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gül­läp ös­ýän ýe­rin­de ýa­şa­ýyş-dur­muş ul­ga­myn­da hem gör­ne­tin ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň my­sa­lyn­da hem göz ýe­tir­se bol­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş­läp dü­zen yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da öňe ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýar. Hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iri önüm­çi­lik hem-de se­na­gat dü­züm­le­ri peý­da bol­ýar.
Türk­me­nis­tan ozal ag­rar ýurt bo­lan­ly­gyn­dan bu gün se­na­gat taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän ýur­da öw­rül­ýär. Çig ma­lyň se­na­gat taý­dan iş­le­nil­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy bol­sa gir­de­ji­le­ri art­dyr­ma­ga hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bilen se­na­gat pu­da­gy­ny, oba­se­na­gat top­lu­my­ny, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni, eks­porty, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­ber­le­ri ýo­kar­lan­dy we ola­ryň gör­nüş­le­ri gi­ňel­dil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hu­su­sy te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýär. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­lik ýur­du­my­zyň söw­da pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Şeý­le hem ol söw­da pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny, onuň dü­züm­le­ri­ni ber­kit­mek­de, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­de, ýur­du­my­zyň içer­ki sarp ediş ba­zar­la­ryn­da ýer­li se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ös­me­gi iri möç­ber­li dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak şol mak­sat­na­ma­la­ryň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oý­la­ny­şyk­ly yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýär, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.
Yl­myň iň tä­ze ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ýar, önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry ýo­kar­lan­ýar. Tä­ze önüm­le­riň gör­nüş­le­ri art­ýar, im­por­ty ça­lyş­ma­ga ukyp­ly we eks­por­ta ni­ýet­le­nen önüm­le­ri ön­dür­mä­ge döw­le­tiň için­de we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki uly möç­ber­li iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga oňyn we ze­rur şert­ler dö­re­ýär. Bu bol­sa eziz Di­ýa­ry­my­zyň se­na­gat taý­dan ösen ýur­da öw­rü­len­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hal­ky­my­zyň bagt­ly hem eş­ret­li dur­mu­şda ýaşamagy üçin giň ta­gal­la­ ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, be­lent ba­şy­nyň aman, tu­tum­ly iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Gül­şat AKY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň
uly mu­gal­ly­my, teh­ni­ki ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.
Ymam­gu­ly RE­JE­POW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.