Soňky ýyllarda kosmos pudagynda işlemek isleýän ýurtlaryň sany barha artýar. Aý missiýasy bolan ýurtlaryň biri Koreýa Respublikasy ilkinji ýerli emeli hemrasyny uçurdy. “Nuri” atly göteriji raketa agramy 1,5 tonna barabar bolan enjamy kosmosa äkitdi. Ýurt 2027-nji  ýyla çenli orbita ýene-de dört sany emeli hemra uçurar. Paýtagt Seuldan 500 kilometr uzakdaky “Goeung” kosmodromyndan uçurylan emeli hemranyň doly ady “Koreý Hemra Uçuryjy Serişdes 2”. Emma oňa gysgaça “Ýer, dünýä” diýmegi aňladýan “Nuri” diýilýär. Bu taslamanyň bahasyny 1,7 milliard dollardygy mälim edildi. Ýurduň inženerleriniň işläp taýýarlan 47,2 metrlik göteriji raketasynda 6 sany motor bar. Ýurt bu ugurdaky ilkinji synanyşygyny 2009-njy ýylda edipdi. Koreýa Respublikasy 2030-njy ýyla çenli Aýa enjam ibermegi maksat edinýär.