Germaniýada sosial demokratlar, liberallar we «ýaşyllar» koalisiýa gepleşiklerine girişdiler. Bu üç partiýanyň liderleriniň – SDP FDP we «Soýuz 90/ýaşyllaryň» maslahatyndan soň ýaýradylan beýanatda mälim edilýär. Bu täze hökümet gurmak üçin esasy ädimdir. Ministrler Kabinetine Olaf Şolz ýolbaşçylyk eder. Çünki onuň partiýasy SDP 26-njy sentýabrda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu düzümdäki koalisiýa taraplary alamatlandyrýan reňklere görä «Ýol yşyk» diýlip atlandyryldy.