Beýik Britaniýanyň Sadberi şäherinde geçirilen auksionda bir jübüt müsür sfinksi 195 müň funt sterlinge satyldy. Heýkelleriň öňki eýeleri olary 15 ýyllap howlusynda saklap, onuň üýtgeşik bahasy ýokdur öýdüpdirler. Bu barada «East Anglian Daily Times» neşiri habar berdi. Neşiriň habaryna görä, artefaktlaryň özboluşlylygy geçen aý Saffolkdan bir maşgala öz öýünden göçmezden ozal, bilesigelijilik bilen bir metr uzynlygyndaky heýkelleri bahalatmak kararyna gelensoň belli boldy.
– Bize täze göçüp barjak jaýyna laýyk gelmeýän zatlaryň köpüsinden dynmak isleýän ýerli maşgala ýüz tutdy – diýip, auksionçy Jeýms Mander gürrüň berdi. Öý eýeleri uzak ýyllaryň dowamynda howlularynyň hakyky gadymy Müsür sfinksleri bilen bezelendigini bilmän, onuň diňe nusgalanan görnüşidir öýdüpdirler. Olar bagda goýlan heýkelleriniň ýaşynyň bäş müň ýyla deňdigini bilip, haýran galdylar.
Heýkeller açyk asmanyň astynda geçiren ýyllarynda köp zyýan çekip, auksiona ýaramaz ýagdaýda düşen hem bolsa, bu söwda iň şowlusy boldy. Söwdanyň başlangyç bahasy 200 funt sterling bilen başlandy. Tizara bu mukdar ýüz müň funt, soň bolsa 195 müň funta çenli artdy. Sfinksi satyn almak üçin birnäçe alyjy özara bäsleşdi.
Auksiony guraýjylaryň pikiriçe, bu heýkeller şu ýyl welaýat auksionlarynda satylan iň gymmat heýkelleriň biri boldy. Indi müsür artefaktlarynyň muzeýe geçirilýändigi habar berilýär.