“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gowy işberijilerini mälim etdi. Sanaw 150 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde taýýarlanypdyr. “Samsung” bu sanawa ilkinji gezek girdi. Ilkinji onlukdaky kompaniýalaryň hemmesini diýen ýaly tehnologiýa kompaniýalary emele getirdi. Sanawy “Forbes”-iň ygtyýar bermeginde “Statista” kompaniýasy taýýarlapdyr. Oňa 85 ýurtda adamlar gatnaşypdyr. Gatnaşyjylardan iş ýerlerinden näderejede hoşaldyklary, bu ýerde işlemegi tanyş-bilişlerine maslahat berjekdigi ýa-da bermejekdigi ýaly sowallar berlipdir. Şeýle hem iş berijiniň öz ukybyny kämilleşdirmek, gender deňligi, sosýal jogapkärçilik, kompaniýanyň abraýyny goramak ýaly meselelerdäki ýagdaýy soralypdyr. Mundan başga-da işgärler kompaniýasynyň bäsdeşleri baradaky pikirlerini hem aýdypdyrlar. Sanawyň başynda IBM, “Microsoft”, “Amazon”, “Apple”, “Alphabet” (“Google”-a eýeçilik edýär), “Dell”, “Huawei”, “Adobe”, BMW we “Cisco” bar.