1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär.
1947-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Birleşen Milletler Ylalaşygynyň kabul edilen güni bolan 24-nji oktýabry bu halkara guramanyň maksatlaryny we üstünliklerini dünýä halklaryna eşitdirmäge we olaryň goldawyny almaga bagyşlanjakdygyny ykrar etdi.
1971-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Birleşen Milletler gününi halkara baýram ýa-da halkara dynç güni diýip yglan edýän ýene bir kararnamany kabul etdi we munuň agza ýurtlarda resmi dynç güni hökmünde bellenmegini maslahat berdi.
Şeýle hem 1973-nji ýyldan bäri 24-nji oktýabr Bütindünýä ösüş baradaky maglumat güni hökmünde hem bellenilýär.