Karib adalaryndaky Barbadosda ilkinji gezek prezident saýlawlary geçirildi. 30-njy noýabrda bolsa ýurtda respublika yglan ediler. Beýik Britaniýa degişli bolan ýurtda Angliýanyň Şa zenany tarapyndan bellenen we häzirki wagtda Barbadosyň Baş gubernatory bolan Dame Sandra Mason mejlisiň aşaky we ýokary palatalarynyň bilelikdäki ses berlişiginde biragyzdan prezident wezipesine saýlandy. Saýlawdan soňra çykyş eden Mason ýurduň taryhy barada söz sözledi. Barbados 396 ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň garamagyndady. Ýelizaweta II häzire çenli ýurduň iň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçysy hasaplanýardy. Ýurt 1966-njy ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyz boldy. Emma Angliýanyň patyşasy ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçysy bolmagynda galdy. Garaşsyzlygynyň 55-nji ýyly bolan 30-njy noýabrda ýurtda respublika yglan ediler. Saýlanan Prezident Mason şol gün wezipesine girişer.
Beýik Britaniýa degişli bolan ýurtlaryň birnäçesi doly garaşsyz bolan hem bolsa, şol ýurtlaryň käbirinde ýokary derejeli döwlet ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň patyşasy hasaplanýar.