Arheologlar Italiýanyň Romanelli gowagynda 11-14 müň ýyl ozal daş asyrynda döredilen sungat eserlerini tapdylar. Gowakda hek daşy gowaklarynda ýygnanýan ýumşak ak materialda barmak bilen ýasalan guşlaryň şekilleri we geometrik nagyşlar tapyldy. Alymlar wizual effektleri döretmek üçin gurallaryň şol döwürde adamlara mälimdigi barada netijä geldiler. Mysal üçin, gowakda ýörite ýerleşdirilendigi sebäpli bisonyň şekili 3D surata meňzeýär. Alymlar bu şekilleriň mundan ozal Fransiýada, Italiýada, Ispaniýada, Azerbaýjanda tapylan suratlar bilen meňzeşdigini belleýärler. Olaryň pikiriçe, käbir alamatlar bu eseriň Demirgazyk Afrika we Kawkaza ýaýrandygyny görkezýär.