Awtoulag senagatynda şu ýyl emele gelen ýetmezçiligiň önümçilik mukdaryna täsir etjekdigi mälim edildi. Bilermenler bu meseläniň awtoulag senagatynda ýylyň ahyryna çenli 210 milliard dollar goşmaça çykdajy döretjekdigini belleýärler. «AlixPartners» maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatynda ýarymgeçiriji ýetmezçiliginiň onuň bahasynyň galmagyna sebäp bolandygy bellenilýär. Soňky çaklamalara görä, şu ýylyň dowamynda öndürilen awtoulaglaryň sany garaşylandan 7,7 million az bolar. Mundan ozal kompaniýa bu görkezijiniň 3,9 million boljakdygyny belläpdi.
Ýarymgeçiriji maddalardan öndürilen, demir gatlagyň ýüzüne ýerleşdirilen elektron shemalara çip diýilýär. Çipler dürli elektron enjamlar bilen bir hatarda awtoulag önümçiliginde hem giňden peýdalanylýar.