Şäher ýerlerinde elektrik energiýasy bilen işleýän iki tigirli ulaglaryň sany barha artýar. Bu ulaglar ýeňil hem-de ýol dyknyşygyndan aňsatlyk bilen geçmekde amatly hasaplanýar. Eplenýän welosipedleriň çykanyna köp wagt geçen hem bolsa, häzire çenli göwrümi kiçelýän motosikl ýokdy. Ýaponiýanyň «Icoma» atly kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän «Tatamel» atly motory tanyşdyrdy. Nusgalyk görnüşi çykarylan motosikl eplenip, stoluň aşagyna sygjak derejede kiçelýär. Ulagyň ýokary tizligi sagatda 40 kilometre ýetýär. Bu ulagyň bir gezekki zarýady bilen 50 kilometr ýol geçip bolýar.