ABŞ-nyň awtoulaglary kärendesine berýän «Hertz» kompaniýasy 100 müň sany «Tesla» ulagyny sargyt etdi. Munuň netijesinde elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň paýnamalary 9 göterim gymmatlady. Şeýlelikde, «Tesla»-nyň umumy bazar nyrhy 1 trillion dollar sepgidine ýetdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň her bir paýnamasynyň bahasy 1000 dollar töweregi.
«Hertz» kompaniýasy müşderileriniň 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap ABŞ-daky iri şäherlerde we Ýewropadaky belli şäherlerde «Tesla Model 3» ulagyny kärendesine alyp biljekdiklerini habar berdi.