Ispaniýanyň Santander şäheriniň häkimligi elektrikli welosipedleriň satyn alynmagyny höweslendirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýerli häkimiýet tarapyndan 350 ýewro möçberinde maliýe serişdesi bölünip berler. Maliýe kömegini almak üçin raýat ýerli dükanlarda bahasy 1500 ýewrodan gymmat bolmadyk elektrikli welosipedi satyn almaly bolar. Sandanter şäheriniň ýolbaşçy düzümi bu höweslendiriş çäresi bilen şäheriň howasynyň arassalygyny ýokarlandyrmagy hem-de kiçi telekeçiligi goldamagy meýilleşdirýär. Bu höweslendiriş çäresi öňümizdäki hepdelerde başlap, jemi 75 müň ýewro paýlanar.
Nurmuhammet AGAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.