Beýik Britaniýanyň awtoulaglary kärendesine berýän «Lease Loko» kompaniýasy «Model 3» ulagyny dünýäde iň çalt satylýan elektroulag diýip atlandyrdy. Kompaniýanyň bilermenleriniň aýtmaklaryna görä, dünýäde ortaça her sagatda 24,5 sany «Model 3» satylýar. Bu ugurda ikinji orunda Hytaýyň «Wuling Hongguang Mini EV» kompaniýasynyň awtoulagy durýar. Bu ulagdan sagatda 14,4 sanysy müşderilere ýetirilýär. Bellemeli zat, «Tesla» awtoulagy Hytaýyň awtoulagyndan 10 esse gymmatdyr. Bu sanawda üçünji orunda ýene-de «Tesla»-nyň «Model Y» awtoulagy bar. Bu ulagdan sagatda 11,4-isi satylýar.
Saparmuhammet ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.