Hy­taý kos­mos gi­ňiş­li­gin­de ula­nyş­dan ga­lan eme­li hem­ra­la­ry we ola­ryň bö­lek­le­ri­ni ýyg­na­mak üçin «Shi­ji­an 21» at­ly eme­li hem­ra­ny kos­mo­sa uçur­dy. «Xichang» kos­mod­ro­myn­dan «Long March 3B» gö­te­ri­ji ra­ke­ta­sy ar­ka­ly uçu­ry­lan «Shi­ji­an 21» bel­le­nen or­bi­ta ýer­leş­di. «Dai­ly Star» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, bu en­jam kö­ne eme­li hem­ra­la­ry ýyg­nar we ola­ry ýok eder.
Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan bä­ri kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne dür­li ulu­lyk­da­ky ýüz­ler­çe en­jam uçu­ryl­dy. Ola­ryň kö­pü­si­niň ula­nyş möh­le­ti gu­tar­dy. Kö­ne kos­mos stan­si­ýa­la­ry we has uly eme­li hem­ra­lar yg­ty­bar­ly ýag­daý­da Ýe­re ge­ti­ri­len hem bol­sa, ki­çi göw­rüm­li an­ten­na­lar, ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry, kos­mos gä­mi­le­ri çy­ka­ry­lan or­bi­ta­syn­da yzy­gi­der­li aý­lan­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Bu en­jam­lar soň­ky ýyl­lar­da dür­li mak­sat­lar bi­len kos­mo­sa uçu­ryl­ýan gä­mi­ler üçin örän seý­rek hem bol­sa howp dö­ret­me­gi müm­kin. Şeý­le ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar.

Gül­je­mal HOM­MAT­GUR­BA­NO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.