Syýahatçylyk neşirlerini çykarýan “Lonely Planet” neşirýaty iň gowy dynç alyş ýerleriniň sanawyny taýýarlady. Bu ugurdaky ökde bilermenleriň taýýarlan sanawynda 10 ýurduň, 10 sebitiň hem-de 10 şäheriň ady bar. Ýurtlaryň arasynda Kuk Adalary öňe saýlanypdyr. Sebitleriň arasynda bolsa, Islandiýanyň Westfirdir sebiti bar. Täze Zelandiýanyň Oklend şäheri 2022-nji ýylda gidip boljak iň gowy şäher saýlanypdyr.
Ýurtlaryň sanawynda Norwegiýa, Mawritiý, Belize, Sloweniýa, Anguilla, Umman, Nepal, Malawi we Müsür bar.
Sebitleriň sanawyna Günbatar Wirginiýa, (ABŞ), Sişuanbanna (HHR), Kent sebitiniň kenarýakalary (Birleşen Patyşalyk), Puerto Riko, Sikoku (Ýaponiýa), Atakama çöli (Çili), Skenik Rim sebiti (Awstraliýa), Wankuwer adasy (Kanada) we Burgundiýa (Fransiýa) giripdir.
Gezelenç etmek üçin iň gowy şäherleriň sanawyna Taýbeý (Taýwan), Fraýburg-im-Braýsgau (Germaniýa), Atlanta (ABŞ), Lagos (Nigeriýa), Nikosiýa (Kipr), Dublin (Irlandiýa), Merida (Meksika), Florensiýa (Italiýa) we Kýonju (Koreýa Respublikasy) girizilipdir.