Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň merkezi oýnunda Ahal myhmançylykda soňky çempion Altyn asyrdan 3-1 üstün çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda Ahalyň gollaryny 33-nji minutda penaltiden hem-de 58-nji minutda Elman Tagaýew, şeýle-de 45+3-nji minutda Mekan Saparow öz derwezesinden geçirdi. Altyn asyryň ýeke-täk pökgüsini-de 55-nji minutda Selim Ataýew öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Ahal 3 oýunda utugyny 7-ä çykaryp, tablissada birinji orunda barýar.
Merw bilen Köpetdagyň arasyndaky duşuşykda 4 gol hasaba alynsa-da, ýeňiş gazanan bolmady. Birinji ýarymda myhmanlar Begenç Akmämmedow (10) hem-de Yhlas Saparmämmedowyň (42) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ikinji ýarymda-da ýer eýeleri Pirmyrat Gazakow (49) hem-de Amangeldi Saparowyň (54) gollary bilen hasaby deňlediler.
Beýleki iki oýunda – Nebitçi – Şagadam hem-de Energetik – Aşgabat duşuşyklarynda hasap açylmady.
3-nji tapgyrynyň duşuşyklary 1–2-nji noýabrda oýnalar. 1-nji noýabrda Ahal – Energetik, Şagadam – Altyn Asyr, Köpetdag – Nebitçi, 2-nji noýabrda-da Aşgabat – Merw duşuşyklary geçiriler.