Häkimiýet başyndaky “Gruzin arzuwy – Demokratik Gruziýa” partiýasynyň wekilleri 20 şäherde geçirilen häkim saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 19 şäherde ýeňiş gazandylar. Muny ýurduň saýlaw toparynyň Tbilisidäki saýlaw uçastoklarynyň 99,87%-inden we beýleki şäherlerdäki saýlaw uçastoklarynyň 100%-inden alan maglumatlary şaýatlyk edýär.
Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, Tbilisiniň häzirki häkimi Kaha Kaladze sesleriň 55,6%-ine eýe bolan bolsa, onuň Birleşen Milli Hereketinden bäsdeşi Nika Meliýa sesleriň 44,4%-ine eýe boldy. “Gruzin arzuwynyň” wekilleri Rustawi, Kutaisi, Poti we Batumi ýaly beýleki uly şäherlerde hem ýeňiş gazandy.
Birleşen Milli Hereketiniň dalaşgäriniň ýeňen ýeke-täk şäheri Salenjiha (Samegrelo-Zemo Swaneti sebiti) boldy. Bu ýerde Birleşen Milli Hereketiň dalaşgäri Georgi Harçilawa 51,1% sese eýe bolup, “Gruzin arzuwy”-nyň wekili Goga Gulordawan öňe saýlandy.
Respublikanyň ýaşaýjylary 30-njy oktýabrda iri şäherler – Tbilisi, Batumi, Kutaisi, Poti we Rustawi ýaly 20 munisipalitetiň häkimini saýladylar. Şeýle hem, raýatlar 24 majoritar saýlaw okrugynda ýerli ýygnaklara deputat saýladylar. Saýlawlaryň birinji tapgyry 2-nji oktýabrda geçirildi. Häkimiýet başyndaky “Gruzin arzuwy – Demokratik Gruziýa” partiýasy 64 munisipalitetiň 44-sinde ýeňiş gazanyp, 46,7% ses aldy.
Saýlawlara 100 respublikan we 52 halkara guramasy gözegçilik etdi. Ses berişligiň gidişini ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdelerinden 3,7 müňden gowrak žurnalist habar berdi.