Ýurdumyzyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.
Ekişe azyklyk bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten-1”, “Miras” görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.
Şu möwsümde ýurdumyz boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.
1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen şu ýylda türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Geljek ýylda ýurdumyzda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Ýokary derejede geçirilen örän möhüm oba hojalyk möwsümi bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.