Dünýä ýurtlarynda jemi 7 milliard 41 million dozadan gowrak sanjym edilendigi habar berildi. Sanjym etmekde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaý öňde barýar. Ýurtda 2 milliard 268 million doza sanjym edilipdir. Bu görkeziji Hindistanda 1 milliard 58 million doza eken. ABŞ-da 420 million 657 müň 683 sanjym edilipdir.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda bolsa, sanjymyň mukdary 592 million doza bolupdyr. Bir günüň dowamynda 34 million 278 müňden gowrak sanjym edilipdir.

Sanjym etmekde Braziliýa, Indoneziýa, Ýaponiýa, Meksika ýaly ýurtlar öňde barýar.

Ýeri gelende bellesek, köp ýurtda üçünji doza sanjym edilip başlandy. Şeýle hem belli ýaşdaky çagalara sanjyma rugsat beren ýurtlar hem bar.

Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.