Žiraf şekilli keýik – Afrika dünýä böleginiň täsin haýwanlarynyň biridir. Ol žiraflar, zebralar, ýolbarslar, menekli syrtlanlar bilen bilelikde “sawanna” atly sähralarda ýaşaýandyr. Adyndan belli bolşy ýaly, keýikleriň bu görnüşiniň boýny žiraflaryňky ýaly uzyn bolýar. Uzyn boýun olara agajyň ýapraklaryny ýolup iýmeklige ýardam edýändir.
Žiraf şekilli keýige, şeýle-de, gerenuk hem diýilýär. Gerenuk sözi somali dilinden terjime edilende “žirafyň boýny” diýmegi aňladýar. Bu keýikleriň kellesi bedenine görä kiçi, emma uzyn gulakly we uly gözli bolýar. Bedeniniň reňki, esasan-da, açyk goňur reňkli, kä ýerlerinde gara tegmiller duş gelýär. Gerenuklaryň boýy ortaça 150 sm barabar. Bu görnüşiň erkek wekilleri urkaçylardan S-şekilli şahlary bilen tapawutlanýar.
Mälim bolşy ýaly, Afrikanyň sähralarynda ýaşaýan haýwanlar gurak döwründe suw çeşmesine tarap köpçülikleýin göçýärler. Emma gerenuklar beýik agaçlaryň ýapraklaryny iýip bilýänligi sebäpli, iýmitiň düzümindäki suw bilen gurakçylyk döwrüni başdan geçirýärler.
Žiraf şekilli keýikler 1,5 ýaşynda köpelip başlaýar. Urkaçy keýik dogmazdan öň sürini terk edýär we çagasyny ýekelikde dünýä getirýär. Täze doglan keýijek entäk ýöräp bilmeýär. Ol öz aýagynda durmaga öwrenýänçä ene keýik ony gizlin ýerde saklaýar.
Gerenuklar ortaça 8 ýyla çenli ýaşaýar. Bu owadan haýwanlar ýolbarslar, syrtlanlar we alajabarslar tarapyndan iýilýär. Gynansak-da, häzirki wagtda keýikleriň bu görnüşi sany azalýanlygy sebäpli halkara Gyzyl kitaba girizilen.
Äşe Täjiýewa,
Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň mugallymy.