GLASGOW, SCOTLAND - JUNE 29: Ukraine manager Andriy Shevchenko celebrates at full time during the UEFA Euro 2020 round of 16 match between Sweden and Ukraine at Hampden Park, on June 29, 2021, in Glasgow, Scotland. (Photo by Ross Parker/SNS Group via Getty Images)

Ukrainaly ozalky meşhur futbolçy, häzirki tälimçi Andreý Şewçenko ençeme ýyldan soň ýene-de Serie A dolanar. Tomusda Ukrainanyň ýygyndysynyň tälimçisi wezipesini taşlan Şewçenko Serie A-nyň iň gadymy kluby bolan Jenoanyň tälimçisi bolar. Bu barada italýan neşirleri habar berýär. Düýnki duşuşykda Empoli bilen 2-2 deňme-deň oýna Jenoanyň tälimçisi Ballardini wezipesinden boşadyldy. Onuň ornuna Şewçenkonyň tälimçi bolmagyna garaşylýar. 45 ýaşyndaky tälimçi Jenoa bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşar. Şertnamanyň möhleti gerek bolan ýagdaýynda ýene bir ýyl uzaldylyp bilner. Şewçenko Jenoada Ukrainanyň ýygyndysynda bile işleşen kömekçileri Andrea Maldara hem-de Mauro Tassotti dagy bilen ýene-de bilelikde işleşer. Genueliler täze tälimçisine ýyllyk 1,8 million ýewro hak tölär. Jenoa topary 12 oýunda 9 utuk bilen 17-nji orunda barýar.

Futbol karýerasyny Dinamo Kiýew, Milan, Çelsi ýaly klublarda geçiren Şewçenko tälimçilige 2016-njy ýylda başlap, ol 5 ýyl Ukrainanyň ýygyndysyna tälim berdi. Ukraina onuň tälimçiliginde 2-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşyp, ilkinji sapar çärýek finala çykypdy.