Senegally ýazyjy Muhammet Mbugar Sarr Fransiýanyň iň abraýly edebi baýragy bolan Gonkur baýragyna eýe boldy. Gonkur akademiýasy 2021-nji ýylyň iň gowy fransuz dilli edebi eseri hökmünde “Iň gizlin ýatalamalar” (“La plus secrete memoire des homes”) atly kitaby saýlap, şeýle karary kabul etdi.

Muhammet Mgubar 1990-njy ýylda Dakarda fransuz dilli lukman maşgalasynda dünýä indi. Ol Parižde Fransiýanyň iň abraýly okuw jaýlarynyň birinde – Sosial ylymlar boýunça ösen okuw mekdebinde okady. “Iň gizlin ýatlamalar” romany, 31 ýaşly ýazyjynyň karýerasyndaky dördünji eserdir. Onda senegally ýaş ýazyjynyň durmuşy barada gürrüň berilýär.

Gonkur baýragy fransuz dilinde ýazylan iň gowy romanlara berilýär. Ol fransuz ýazyjylary – doganlar Edmon de Gonkuryň we Žýul de Gonkuryň adyny göterýär. Edmon de Gonkur wesýetnamasy bilen, 1900-nji ýylda doganlar Gonkuryň Akademiýasy döredilýär we 1903-nji ýylda ilkinji Gonkur baýragy gowşurylýar. Baýrak akademiýanyň 10 agzasynyň ses bermegi esasynda her ýyl Parižiň “Drouant” restoranynda gowşurylýar.

Gonkuryň eýesine berilýän pul sylagy simwoliki häsiýete eýe bolup, bary-ýogy 10 ýewrodan ybaratdyr. Bu baýraga mynasyp bolmak uly tiraž bilen eserleriňi çykarmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatyňy ýetirip, kitabyň has köp satylmagyna ýardam berýär. Gonkur baýragy Akademiýanyň düzgünnamasyna görä, “Ýylyň döredijilikli açyşy üçin” gowşurylýar.

Geçen ýyl Herwe Le Telýeniň “Anomaliýa” atly kitaby ýylyň iň gowy fransuz dilli edebi eseri diýlip saýlandy.