Geçen hepdäniň jogaby
Geçen hepde üç dostuň (Aşyr, Begenç we Çary) öz aralarynda oýnan stol tennisinde dördünji oýnuň kimiň bilen oýnalandygyny we kimiň utandygyny sorapdyk.
Ilki bilen jemi näçe oýun oýnalandygyny anyklalyň! Olaryň öz aralarynda oýnan oýunlaryny goşanymyzda jemi 34 gezek oýun oýnalandygy belli bolýar. Emma tennis iki bolup oýnalýandygy sebäpli 17 duşuşyk geçirilipdir. Indi bolsa, iň az oýny kimiň oýnandygyny anyklalyň! Şeýlelikde, iň köp kimiň utulandygy hem belli bolar. Sebäbi, birinji gezekde utulan ikinji duşuşykda oýnap bilmeýär. Soňra üçünji oýunda gaýtadan oýnap ýene ýeňilýär we dördünji duşuşykda hem oýnap bilmeýär. Bu ýagdaý dowam edýär. Aşakdaky şekil näçe duşuşyk geçirilendigini görkezýär.
Tapmaçanyň sowalynda Begenjiň 8 oýun oýnandygyny aýdypdyk. Eger Begenç birinji duşuşykda oýnan bolsa, ikinjide oýnamazdy, üçünjide oýnardy we ähli täk sanly duşuşyklarda oýnardy. Jemi 17 duşuşyk geçirilendigi göz öňünde tutulanda, 9 sany täk sanly duşuşyk bolýar. Jübüt sanly duşuşyklaryň sany bolsa sekiz. Diýmek, Begenç ikinji duşuşykda oýna giripdir we diňe jübüt duşuşyklara gatnaşypdyr. Şeýle hem Begenç ähli oýunda utulypdyr. Şeýlelikde, dördünji duşuşykda kimiň utulandygyny hem bilýäris. Emma sowalda kimiň utandygy hem soralýar.
Begenjiň gatnaşmadyk duşuşygynyň Aşyr bilen Çarynyň arasynda geçirilendigini bilýäris. Aşyr soňky ýedi duşuşykda oýnandygyny hem aýdypdy. Şeýle bolsa, Aşyr 1, 3, 5, 7, 9, 11, 12, 13, 14, 15, 16 we 17 belgili duşuşyklarda oýnapdyr. Ýagny ol jemi 12 duşuşykda oýnapdyr. Çarynyň hem 14 gezek tennis oýnandygyny bilýäris. Şeýle bolsa, Çary Begenç bilen hem oýnapdyr. Şeýlelikde, dördünji duşuşygyň ýeňijisiniň Çarydygy belli bolýar. Aşakdaky jedwel (A: Aşyr, B: Begenç, Ç:Çary) oňa has gowy düşünmäge ýardam eder.