Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) 26-njy maslahatyna gatnaşyjylar planetamyz üçin ähmiýetli kararlara gelýärler. Maslahatda dünýäniň 40-dan gowrak döwleti hem-de 150-den gowrak edarasy 2030-njy ýyldan başlap, tapgyrlaýyn ýagdaýda energiýa beketlerinde kömür ulanylmagyny we bu ugra maliýe goldawyny bermegini bes etjekdigini mälim etdiler. Bu ýurtlaryň arasynda Günorta Koreýa, Ispaniýa, Kanada, Polşa, Ukraina, Wýetnam, Çili we Müsür ýaly ýurtlar bar. gazanylan ylalaşyga görä, dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlary 2030-njy, ösüp barýan ýurtlar 2040-njy ýyla çenli kömrüň ulanylyşyny doly bes eder. Ähli ýurtlar milli we halkara ugurda kömür ulanylýan pudaga maýa goýumy duruzarlar.

Şeýle hem 2022-nji ýyldan başlap, ABŞ bilen bir hatarda dünýäniň 20-den gowrak ýurdy gazylyp alynýan ýangyç taslamalaryna döwlet karzyny bermegi bes ederler. Bilermenler Ýer ýüzünde elektrik energiýasynyň önümçiliginiň 40 göteriminiň gazylyp alynýan ýangyç bolan kömürden alynýandygy göz öňünde tutulanda COP26-daky bu ylalaşygyň global maýylganlygyň öňüni almak üçin ädilen ähmiýetli ädimleriň biridigi bellenýärler.

Dünýäde kömür sarp etmekde ilkinji üçlüge girýän ABŞ we Hytaý entek bu ylalaşyga gol çekmedi. Dünýäde sarp edilýän kömrüň ýarysy Hytaýa degişli.