Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kasam kabul ediş dabarasy 6-njy noýabrda, ýurduň parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçiriler. Bu barada kanun çykaryjy (aşaky) palatanyň metbugat gullugy habar berdi. Respublikada Prezident saýlawlary 24-nji oktýabrda geçirildi. Merkezi saýlaw topary býulletenleri sanandan soň, 80,12% ses alan Mirziýoýewiň ýeňşini mälim etdi.

Özbegistan Respublikasynyň kanun çykaryjy palatasy bilen Senatyň (Oliý mejlisiň) Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan bilelikdäki mejlisi 6-njy noýabrda Daşkent şäherinde sagat 11.00-da geçiriler (“Moskwa wagty bilen 9.00) ” diýilip, palatanyň web sahypasyndaky habarda mälim edilýär.

Ýurduň saýlaw kodeksine laýyklykda, Özbegistanyň Prezidenti Respublikanyň mejlisiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde kasam kabul eden pursatyndan başlap, Merkezi saýlaw toparynyň Prezident saýlawlarynyň netijelerini resmi taýdan yglan eden gününden iki aýdan gijä galman wezipesine girişýär.

Saýlawlara bäş dalaşgär gatnaşdy. Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen Mirziýoýewden başga-da, Halk-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Maksud Warisowa 6,63%, “Milli Tiklaniş” (Milli Galkynyş) Milli-demokratik partiýasynyň lideri Alişer Kadyrow 5,48%, Ekologiýa partiýasynyň başlygy Narzullo Oblomuradow 4,14%, “Adolat” Sosial-demokratik partiýasynyň başlygy Bahrom Abduhalimow 3,39% sese eýe boldular.

Özbegistanda Prezident saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilýär.