Germaniýanyň BMW kompaniýasy we oňa degişli brendler ýylyň üçünji çärýeginde satuwyny we girdejisini artdyrdy. Kompaniýanyň degişli döwürdäki peýdasynyň geçen ýyldakydan 50 göterim artyp, 2,9 milliard ýewro ýetendigini mälim edildi. Degişli döwürde kompaniýanyň girdejisi 4,5 göterim köpelip, 27,5 milliard ýewro bolupdyr. Nemes kompaniýasy has köp isleg bildirilýän ulaglaryň önümçiligine we satuwyna aýratyn üns beripdir. Şol sebäpli dünýäde awtoulag senagatynda emele gelen çip ýetmezçiligine garamazdan, ösüşini dowam etdiripdir. BMW toparyna MINI we “Rolls-Royce” brendleri hem girýär.
Akmyrat Baýjanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.