ABŞ-da 20 aýdan bäri dowam edýän syýahatçylyk çäklendirmesi ýatyryldy. Şeýlelikde Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen bir hatarda 30 ýurduň raýatlary bu ýurda baryp bilerler. ABŞ-na girmek üçin 2 doza sanjym we soňky 72 sagatda alnan koronawirsyň ýokdugy baradaky kepilnama talap edilýär. Iki doza sanjym alanlar Kanada we Meksika serhetlerinden gara ýoly arkaly ýurda girip bilerler. Prezident Donald Tramp döwründe güýje girizilen syýahatçylyk çäklendirmesi howa we gury ýer serhetlerini öz içine alýardy. Bu çäklendirmä ABŞ-nyň iň ýakyn hyzmatdaşlary hem degişlidi. Çäklendirme Prezident Josef Baýden wezipä geleninden soňra hem dowam etdirildi.
Çäklendirmäniň ýatyrylmagy bilen howa gatnawlaryna bolan isleg görnetin artdy. “United Airlines” kompaniýasy halkara ýolagçylarynyň sanynyň 50 göterim artmagyna garaşýar.
Dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň başynda ilki Hytaýyň, soňra bolsa dünýäniň beýleki 30 ýurdunyň raýatlarynyň ABŞ-na girmegi çäklendirilipdi.
Ýeri gelende bellesek, golaýda Malaýziýa we Awstraliýa hem çäklendirmeleri aýyrdy. Ýewropa Bileleşigi iýundan, Angliýa iýulyň ahyryndan bäri daşary ýurtly myhmanlary kabul edip başlady.