ABŞ-nyň Alabama ştatynda bary-ýogy 21 hepdelik bolup dünýä inen çaga Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Lukmanlar doglan wagty agramy 420 gram bolan Kurtis atly oglan bäbejigiň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdýarlar. Birmingem şäherinde dünýä inen bäbek häzir 16 aýlyk boldy.
Bäbegiň enesi Mişelle Batler ýurtda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän gijesi feýerwerkler garaňky asmany ýagtylandyrýan pursatlarynda bäbekhana ýerleşendigini we ertesi günortan bäbegini eline alandygyny aýdýar. Uzak wagt hassahanada galan bäbek, ahyry doganlarynyň ýanyna eltilipdir. Kurtisiň özünden uly üç dogany bar.
Bäbegiň göbek enesi, Alabama uniwersitetiniň işgäri, doktor Braýan Sims Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine bu işi 20 ýyldan bäri edýändigini, emma şeýle kiçi bäbegiň, şeýle güýçlüdigini ilkinji gezek görendigini aýdýar.
Kurtis özünden bir aý ozal dünýä inen 21 hepde iki günlük bäbegiň rekordyny täzeledi. Ondan öňki rekord kanadanyň Ottawa şäherinde 21 hepde 5 günde doglan bäbege degişli bolup, ol bu rekordy 34 ýyl saklan eken.