Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Aziýa zolagynda 5-nji duşuşyklara badalga berildi. Aziýa zolagynyň 3-nji tapgyrynyň “A” toparçasynda az salym öň tamamlanan duşuşykda Eýranyň ýygyndysy myhmançylykda Liwan bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda ýer eýeleri 37-nji minutda Soony Saadyň goly bilen öňe saýlandy. Ikinji ýarymda eýranly futbolçylar hüjüm baryny etselerem, olara soňky minutlara çenli hasaby deňlemek başartmady. Duşuşygyň 90+1-nji minutynda Serdar Azmun hasaby deňlemegi başardy. Bu goldan soň myhmanlar ýene bir gol geçirip, meýdançany ýeňiş bilen terk etdiler. Eýranyň ýygyndysyna 3 utuk getiren goly 90+5-nji Ahmad Nurollahi öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram eden Eýranyň ýygyndysy 5 oýunda 13 utuk bilen toparçada birinjiligini dowam etdirýär.

Toparçadaky beýleki bir duşuşykda-da Günorta Koreýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda BAE-niň ýygyndysyny Hi-Çan Hwanyň penalti goly bilen 1-0 ýeňdi.

“B” toparçadaky oýunlarda iki öňdebayjy ýygyndynyň – Awstraliýa bilen Saud Arabystanynyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. Ýaponiýa bolsa myhmançylykda Wýetnamdan Itonyň ýeke-täk goly esasynda 1-0 üstün çykdy.